Allaha iman getirmek
imanyň esaslarynyň ilkinjisidir. Allah Tagala tutuş älemleri
ýokdan bar eden, deňi-taýy bolmadyk, ähli kemal sypatlara eýe,
ýeke-täk Ýaradyjydyr. Her musulmanyň Allahyň kemal sypatlaryň
ählisine eýedigine, nogsanlaryň ählisinden daşdadygyna
ynanmagy farzdyr.
Allah Tagala barasynda
kabul edilmegi wajyp bolan kemal sypatlar iki görnüşdedir:
1.
Selbi sypatlar,
2.
Subuty sypatlar.
Selbi sypatlar
Allahyň zaty bilen bütewi,
Ondan aýry kabul edilmeýän sypatlardyr. Bular Allahyň
beýikligine, kemalyna ters gelýän sypatlary Ondan aýyrýan we
ähli nogsanlardan uzakda saklaýandygy üçin berlen atlardyr.
Selbi sypatlara – zaty sypatlar hem diýilýär. Olar alty sany
bolup: wujud, kydem, beka, wahdaniýet, muhalefetün lil-hawadis
we kyýam bi nefsihidir.
Wujud
Bu sypat Allah Tagalanyň
bardygyny düşündirýär. Muňa «syfaty nefsiýe» hem diýilýär.
Eger Allah bolmadyk bolsa, onda hiç bir zat bolmazdy.
Älemleriň barlygy, Onuň barlygyna iň beýik şaýatdyr. Hiç bir
zat ne öz-özünden döräp, ne-de ýok bolup biler. Allah
Tagalanyň barlygy öz-özündendir. Onuň barlygynyň mutlak
bolmagy, ýok bolmagynyň mümkin däldigi sebäpli, Oňa «Wajybül-Wujud»
diýlipdir.
Barlygyň tersi bolan ýokluk
Allah Tagala degişli däldir. Allah Tagalanyň barlygy başga bir
barlyk sebäpli däldir. Allah Tagalanyň ýoklugyny ykrar etmek,
älemleri we älem-jahandaky ähli zady inkär etmek diýmekdir.
Çünki, her bir zady ýaradan we döreden Oldur.
Kydem
Kydem – Allah Tagalanyň
barlygynyň başlangyjy ýok diýmekdir. Ol gadymdyr, ezelidir,
ýagny, öň ýokka, soň bar edilen däldir. Geçmişe tarap näçe
gidilse gidilsin, Allah Tagalanyň bar bolmadyk sähel wagtyny
hem göz öňüne getirmek mümkin däldir. Zamany we mekany ýaradan
hem Oldur. Zaman soňra dörän ýagdaýdyr. Șonuň üçin, Allah
Tagala zamandan we mekandanam münezzehdir. Eger Allah Tagala
ezeli bolmadyk bolsa, soňra döremeli bolardy. Soň dörän her
bir zat bir ýaradyja mätäçdir. Mätäçler bolsa ýaradyjy bolup
bilmez.
Kurany Kerimde Allah Tagalanyň
ezelidigi şeýle beýan edilýär:
«Ol her zatdan Owaldyr. Özünden soň hiç zat galmajak Ahyr
Oldur. Barlygy Zahirdir (aýandyr). Özi ýaradylanlar üçin
Batyndyr (gizlindir). Ol ähli zady biler»,
(Hadid, 3).
Beka
Beka – Allah Tagalanyň
barlygynyň soňunyň ýokdugyny, Onuň barlygynyň müdimidigini
aňladýar. Allah ebedidir. Kurany Kerimde bu barada şeýle
diýilýär:
«Ähli
zat fanydyr – ýok bolujydyr, diňe jelal we ikram sahyby Rabbiň
barlygy ebedidir»,
(Rahman, 26-27).
Barlygyny dowam etdirip
bilmezlik ejizlikdir, ejizlik bolsa, kemlikdir. Allah bolsa
nogsandan sapdyr. Ol çäksiz gudrat eýesidir. Ony ýok etjek
güýç hem ýokdur.
Wahdaniýet
Wahdaniýet – Allah ýeke-täk
diýmekdir. Allah zatynda, sypatlarynda we amallarynda
ýeke-täkdir. Ol böleklerden döremändir. Ol madda hem däldir.
Ony meňzedere zat ýokdur – deňsiz-taýsyzdyr. Șonuň üçin
soltanlygynda, älemi dolandyrmakda şärigi ýokdur. Eger birden
köp ilah, taňry bolan bolsa, älemiň nyzamy bolmazdy. Bu mesele
Kurany Kerimde şeýle nygtalýar:
«Ýerde we gökde Allahdan başga ilahlar, taňrylar bolan bolsa,
ýer we gök harap bolardy», (Enbiýa,
22).
«Onuň bilen birlikde hiç bir ilah ýokdur. Eger bolan bolsa,
her taňrynyň öz ýaradanlarynyň arkasyny alyp, olary
gorajakdygy şübhesizdir. Biri beýlekisinden üstün çykardy»,
(Mü’minun, 91).
Yslam dininde, hatda ähli hak
dinlerde towhyd, ýagny, Allahyň birligi akydasy iman
esaslarynyň we tutuş dini ynançlaryň düýbüni tutýar. Kalpda
towhyd akydasy bolmazdan Allahyň dergähinde hiç hili ynanç,
amal kabul däldir. Șol sebäpli, yslam dini adamzat üçin towhyd
ynanjyny ähli zatdan öňde goýýar. Ähli adamzady Allahy
ýeke-täk bilmäge, Onuň şäriginiň ýokdugyny ykrar etmäge
çagyrýar. Hak dinler bilen batyl dinleri bir-birinden
tapawutlandyrýan iň möhüm esas hem şudur. Kurany Kerimde
Allahyň birdigini we towhyd ynanjy meselesini beýan edýän
ençeme aýatlar bardyr.
«Aýt, Allah ýeke-täkdir», (Yhlas,
1).
Muhalefetün lil-hawadys
Muhalefetün lil-hawadys – Allah
Tagalanyň soňra dörän hiç bir zada meňzemezligi diýmekdir.
Allah Tagala ne zatynda, ne sypatynda öz ýaradan zatlaryna
meňzemeýär. Biz Allah Tagalany nähilidir diýip oýlansak
oýlanaly, Ol ýadymyza düşjek we hyýalymyza gelip biljek ähli
zatdan başgadyr. Çünki, ynsan gören-eşiden we bilýän zatlaryny
göz öňüne getirip biler. Ýadyňa düşjek ähli zat soňra
ýaradylandyr. Allah bolsa olaryň hiç birine meňzemeýär. Kurany
Kerimde:
«Oňa hiç zat meňzeýän däldir. Ol her bir zady eşidýändir we
görýändir», (Șura, 11),
diýlip, anyk düşündirilýär. Pygamberimiz bolsa, bu
barada: «Allah seniň akylyňa gelen her bir zatdan başgadyr»
diýýär.
Allah Tagalanyň ýaradylanlara
meňzemezlik sypaty: beýleki barlyklara mahsus sypatlardan
sapdygyny aýan edýär. Mysal üçin, Ol maddy görnüş, böleklerden
emele gelmek, iýmek, içmek, ýadamak, uklamak... ýaly
sypatlardan daşdadyr. Käbir aýatlarda zikir edilen «Allahyň
eli, Allahyň ýüzi, Allahyň arşa istiwa etmegi ýaly sözler
Allahyň başga barlyklara meňzeýänliginiň delili däldir. Bular
mejaz (göçme) manyda aýdylan zatlardyr. Allahyň eli – Allahyň
gudraty; Allahyň ýüzi – Onuň zaty; arşyň üstünde oturmagy
bolsa, arşa häkim bolmak, hökmüni ýöretmek manylaryndadyr.
Kyýam bi nefsihi
Kyýam bi nefsihi – Allah
Tagalanyň zatynyň barlygynyň özünden bolmagy diýmekdir. Ähli
barlyk döremegi üçin bir ýaradyja mätäçdir. Emma Allah
Tagalanyň barlygy özündendir, hiç zada mätäç däldir.
Barlyklaryň «mümkin» we «wajyp» diýilýän iki görnüşi bardyr.
Wažybül wujud bolan Allah Tagaladan başga görünýän-görünmeýän
ähli barlyklar mümkin barlyklardyr. Olaryň barlygy-ýoklugy
deňdir. Allahyň isläni üçin olar bardyr. Ýok bolmaklaryny
islese, şol bada ýok bolarlar. Barlyklaryň bu aýratynlygy
Kurany Kerimde şeýle düşündirilýär:
«Gökleri we Ýýeri ýaradan Allah olaryň meňzeşini ýaratmaga
kadyr dälmidir? Elbetde, kadyrdyr. Her zady ýaradan we her
zady doly bilýän Oldur. Ol bir zadyň bolmagyny islän wagty
Onuň emri diňe «Bol!» diýmekdir. Ol hem derrew bolar»,
(Ýasyn, 81,82).
Allahyň barlygy öz zaty
bilendir. Ol özüni Kurany Kerimde nähili tanadýan bolsa, şonuň
ýaly tanamak we bilmek hökmandyr. Allah Tagalanyň özüni iň
gözel şekilde tanadýan aýatlaryndan biri Aýatel-Kursidir. Onda
şeýle diýilýär: «Allah şeýle bir ilahdyr ki, özünden başga ilah ýokdur. Ol
Haýýdyr, Kaýýumdyr. Ol ne ymyzganar ne-de uklar. Göklerde we
Ýýerde barça zat Onuňkydyr. Onuň rugsady bolmasa, huzurynda
şefagat etmäge kim het edip biler. Mahluklaryň öňünde, yzynda
näme bar bolsa, ählisi Ýaradana äşgärdir. Mahluklar bolsa,
Onuň ylmyndan Onuň isläninden artyk hiç zat düşünip bilmez.
Onuň kürsüsi Gökleri we Ýýeri gaplandyr. Gökleri we Ýýeri
gorap saklamak Oňa kyn däldir. Ol şeýle uludyr, şeýle beýikdir
we azymdyr», (Bakara,
255).
Subuty
sypatlar
Subuty sypatlar zaty bolman,
ýöne zaty bilen birlikde bolan sypatlardyr. Allah Tagala
bularyň gapma-garşy manylary bilen atlandyrylyp bilinmez. Bu
sypatlar Allahyň zatynyň özem däldir, özünden daş hem däldir.
Subuty sypatlar şulardyr: Haýat, Ylym, Semig, Basar, Irade,
Gudrat, Kelam, Tekwin.
Haýat
Haýat – Allah Tagalanyň
diriligi diýmekdir. Onuň şanyna mahsus haýat sypaty bardyr.
Haýaty bolmadyk zat bilmekden, islemekden we başarnyk
güýjünden mahrumdyr. Haýat sypaty ylym, irade, gudrat ýaly
kemal sypatlar bilen göni baglanyşyklydyr. Bu sypatlardan
mahrum bolan barlyk öz-özüne hiç zady ýaradyp bilmez. Aýratyn
hem bilim, düşünje, isleg, güýç eýesi bolan barlyklary
ýaratmaga asla ukyply däldir. Çünki, hiç bir eser – barlyk –
ýaradyjysynda bolmadyk sypatlary özünde jemläp bilmez. Șonuň
üçin ylym, irade we gudrat sypatlary bolmadyk aňsyz tebigat
akyla, iradä we gudrata eýe bolan ençeme barlyklaryň
ýaradyjysy bolup bilmez.
Jemläp aýtsak, älemleriň
ýaradyjysy bolan Allah haýat sypatyna eýedir. Ol Haýý we
Kaýýumdyr. Ýagny, Ol özüniň diri bolşy ýaly, ähli zady
dirilden we olaryň durmuşyny dowam etdirijidir.
Ylym
Ylym – Allah Tagala her bir
zady biliji diýmekdir. Allah Alimdir – alymdyr. Ol bolan we
boljak zatlaryň ählisini doly biler. Onuň ylmy ähli zady
gurşandyr. Onuň ylmy artmaz hem, kemelmez hem. Çünki, Onuň
ylmy ezeli we ebedidir, ynsanlaryň ylmy ýaly, çäkli düşünjä,
oý-pikire esaslanýan däldir. Șeýle hem gural we esbaplara
mätäç däldir.
Bu älemi iň gözel görnüşde
kämil nyzam bilen ýaradan we ony dolandyrýan gudraty güýçliniň
ýaradýan barlygyny çuňňur we inçe syrlaryna çenli bilmegi
zerurdyr. Çünki, hakykaty, peýdasy, zerurlygy we hikmeti
bilinmeýän zat näme üçin ýaradylsyn?! Șol sebäpli ýaradyjynyň
bir zady ýaradyp bilmegi üçin ilki bilen ylym eýesi bolmagy,
soň şol ylmyň esaslaryna görä ýaratmagy şertdir. Șeýle hem,
iman we salyh amal işleýän gullary mukafatlandyrmak, isýan
eden, azaşan gullary bolsa, jezalandyrmak diňe bu kişileriň
eden zatlarynyň ählisini iň inçe aýratynlyklaryna çenli bilýän
ýagdaýyňda mümkindir.
Allahyň
her bir zady bilýändigine gowy düşünýän ynsan, elbetde, hemişe
ägä bolar. Her sözüni we hereketini edep bilen berjaý eder.
Erbet söz sözlemez, ýaramaz işi niýet edinmez, başga birine
ýamanlyk etmez, hiç kimiň görmejek ýerinde hem Allahyň
buýruklaryna garşy gitmez. Çünki, edýän her bir işini bilýän
beýik Allahyň bardygyna imany bardyr.
Irade
Irade – Allah Tagalanyň islegi
diýmekdir. Allahyň her bir zadyň şeýle bolmagyny ýa-da
bolmazlygyny islemegi Onuň her bir zady isleýşi ýaly bellemegi
we kesgitlemegidir. Onuň iradesi ezelidir. Ol edýän işlerinde
erkindir. Ony haýsy-da bolsa bir işi etmäge mejbur etjek güýç
ýokdur. Ol älemleri we olardaky barça zady ezeli iradesi bilen
ýaradypdyr. Onuň her bir isläni bolar, islemedigi bolmaz. Bu
ýagdaý Kurany Kerimde şeýle düşündirilýär:
«Merýem
bir erkek kişi bilen gatnaşygy bolman neneň çaga
dogurjakdygyny soranda, Allah Tagala: «Bu şeýledir. Allah
isleýänini ýaradar. Bir işe höküm etse, ýagny, onuň bolmagyny
islese, diňe «Bol!» diýer, ol hem bolar», (Ali Imran, 47).
Irade ýerine Kurany Kerimde «Meşi’et»
sözi hem ulanylýar.
Gudrat
Gudrat – Allah Tagalanyň her
bir zada güýjüniň ýetmegi diýmekdir. Allah ezeli ylmy we
iradesi bilen her bir zady etmäge we ýaratmaga kadyrdyr. Allah
Tagalanyň soňsuz gudrat eýesidigine we her zada kadyrdygyna,
görnüp duran şu älemler we olardaky berk düzgün-nyzam iň beýik
delildir.
Allah Tagala islese, sähel
salymda müňlerçe älemi ýokdan bar eder we islese, olary sähel
salymda ýok eder. Çünki, islänini bir pursatda ýerine ýetirip
bilmeýän barlyk, älemleriň ilahy bolup bilmez. Kurany Kerimde
şeýle buýrulýar:
«Gökleriň we Ýýeriň gaýybyny – syrlaryny
diňe Allah biler. Kyýamatyň gopmagy diňe göz açyp-ýumasy ýa-da
ondanam gysga wagtda bolup geçer. Allahyň her zada kadyrdygy
şübhesizdir», (Nahl, 77).
Allah Tagalanyň şeýle uly
gudratyna doly düşünen mü’min Onuň beýikliginiň öňünde tagzym
eder, Onuň gudratyndan gorkar. Onuň mukaddes emrlerini ýerine
ýetirip, gadagan eden zatlaryndan saklanar.
Semig
Semig – Allah Tagalanyň
eşitgirligi diýmekdir. Allahyň eşitgirligi mahluklaryň eşidişi
ýaly çäkli we kemter däldir. Allah Tagala ähli zady eşidýär,
iň gizlin we äşgär sesler, hereketler Oňa eşidilmän galmaýar.
Ol eşitmek üçin hiç bir gural ulanmaýar. Allah Tagala
gullarynyň dogalaryny, zikirlerini gizlin-äşgär dileglerini
eşidip kabul edýär we olary mükafatlandyrýar. Allah Tagalanyň
her zady eşidýändigine iman eden ägä ynsan hemişe ýagşy gürlär,
elmydam Allahy ýatlar, Ony beýgelder. Her sözüni we işini
Allahyň ryzasyna laýyk berjaý eder.
Basar
Basar – Allahyň her bir zady
görýänligini aňladýar. Allahyň eşitgirligi ýaly, görgürligi
üçin hem uzaklyk-ýakynlyk, gizlinlik-äşgärlik,
garaňkylyk-ýagtylyk ýaly zatlar päsgel bermeýär. Ol içimizdäki
pyşyrdylary, ýüregimizden we köňlümizden aýdýan dogalarymyza
çenli eşidýär. Olara hikmetine laýyk jogap berýär. Körlük we
kerlik uly nogsandyr. Șeýle nogsanlary bolan kör kuwwatlar
ilah we ýaradyjy bolup bilmez. Allah Tagala bolsa beýle
nogsanlardan daşdadyr. Ol diňe kemal sypatlara eýedir.
Kurany Kerimde Allah Tagalanyň
eşitgirligi we görgürligi barada bilelikde aýdylýar:
«Allah Semig we Basyrdyr, ýagny,
eşitgirdir we görgürdir», (Bakara,
127,137,181,224).
Kalby imandan doly ynsan Allah
Tagalanyň özüni görüp durandygyny duýar, özüni hemişe
tertip-düzgünli, edep-ekramly alyp barar. Melekler kimin
arassa ýaşamaga çalşar. Kurany Kerim şeýle aýdýar:
«Allahdan gorkuň! Șuny hem berk biliň! Allah ähli edenleriňizi
görüp dur», (Bakara, 233).
Kelam
Kelam – Allah Tagalanyň
gürleýänligini aňladýar. Ol gürlemek üçin sese, harpa, söze
ýa-da sözleme mätäç däldir. Allah Tagala özüniň gadym kelamyny
islän wagty, şanyna laýyk şekilde, meleklerine eşitdirýär,
bildirýär we düşündirýär. Allah Tagalanyň käbir pygamberlere
iberen kitaplary, Kurany Kerimdäki:_
«Allah Tagala Musa bilen hut özi gürleşdi»
(Nisa, 164) aýaty kelam sypatynyň delilleridir.
Allah Tagala pygamberlerine
islän zatlaryny wahý we ylham üsti bilen bildiripdir. Gadymy
Kelamy bolan Kurany Kerim hem Allah Tagalanyň kelam sypatynyň
tejellisidir we Allahyň kelamydyr. Allahyň kelamy kadymdyr,
ezelidir we ebedidir. Ýöne biziň elimizdäki Kurany Kerimiň
harp, söz-sözlem bilen ýazylyşy pygambere wahý edilenden soň,
Pygamberiň beýan ediş şeklindedir.
Tekwin
Tekwin – Allah Tagalanyň döretmegi we ýaratmagy diýmekdir.
Käbir alymlar Allahyň Tekwin sypatyny Gudrat sypaty bilen
birmeňzeş hasaplapdyr. Tekwin sypaty Gudrat sypatynyň
ýaradylmagy takdyr edilen zatlary ýaradýan wagty bilen
baglanyşyklydyr, ýagny, Tekwin sypaty Gudrat sypatynyň içinde
şertli görnüşdedir. Allah Tagalanyň bu älemleri
ýaratmagy, ýok
etmegi, gullaryna dirilik berip ýaşatmagy olary ryzklandyrmagy,
soňra öldürip başga äleme ibermegi Tekwin sypatynyň
tejellisidir. Kurany Kerimde bu barada şeýle aýdylýar:
«Allah bir zadyň bolmagyny islese, oňa «Bol!» diýer, ol hem
bolar», (Ýasyn, 82).